Dostlukly hyzmatdaşlyk ýoly bilen — aýdyň ertirlere!

4 Ýanwar 2021
1807

Ömür senenamamyzyň ýene-de bir ýyly tamamlandy. Ol ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky möhüm senäniň — baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýyly hökmünde berkarar Watanymyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlaryny has-da ilerletmekde, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini, dünýä syýasatynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Täze, 2021-nji ýyl bolsa Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň ägirt uly üstünligi bolmak bilen birlikde, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşiginiň öňündäki jogapkärçiligini hem artdyrýar. 2021-nji ýylda-da milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä ykbalyna dahylly başlangyçlarynyň barha we barha rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Täze ýylyň öňüsyrasynda, 29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisine täze, 2021-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi. Biz hem gazetimiziň şu sanynda Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň käbiriniň Täze ýyl gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar