Daşary syýasatyň rowaç menzilleri

4 Ýanwar 2021
1581

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirip, onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini täze, 2021-nji ýyl bilen gutlamagy ýurdumyzyň daşary syýasy işinde dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda munuň özi özboluşly many-mazmuna eýedir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýarlar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, sebitde hem-de onuň çäginden daşarda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeler bolsa Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarydyr. Bu günki gün ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly sebit we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldip, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

Gözel GUTLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar