Ökdeler öňe saýlandy

25 Noýabr 2024
289

Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, 20 — 22-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekden ybarat boldy.

Türkmen talyplary bilen birlikde, bu halkara olimpiada 25 döwletiň jemi 109 sany ýokary okuw mekdebinden, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen özara ylalaşyklar, ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ylym-bilim ojaklaryndan 730-dan gowrak talyp gatnaşdy. Olar 150 minudyň dowamynda berlen ýumuşlary we soraglary çözmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň eminler toparyna ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň tejribeli işgärleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar