Gar adamy (Hekaýa)

4 Ýanwar 2021
2084

Her bir ynsanyň durmuşynda bolan wakalaryň ählisi ýadynda galyp baranok. Käbir wakalar welin, haýsy ýaşda bolandygyňa garamazdan, ömrüniň ahyryna çenli ýadyňda hemişelik galýar. Meniň hem çaga wagtym gar adamy bilen baglanyşykly bolan bir waka ömürlik ýadymda galypdyr.

Fewralyň ilkinji dynç günüdi. Okuwa gitmeli däldigimi bilsem hem ir turupdyryn. Gerinjiräp äpişgäniň öňüne baryp, perdäni syranymda, gözüm gamaşyp gitdi. Gözlerimi süzgekledip seretsem, galyň düşen gardan ýaňa daşary ap-ak bolup durdy. Gyşyň başyndan bäri beýle gar ýagmandy. Şonuň üçin hem galyň eşiklerimi, aýagyma ädigimi, elime elligimi geýip, daşaryk çykdym. Ejem bolsa-da bilmedim, kakam bolsa-da, olaryň bir-ä eýýäm howlynyň ýöreläýjek ýeriniň, jaýyň düýpleriniň, mal ýataga barýan ýodajygyň garyny aýrypdyr. Men bolsa arassalanan ýerden ýöremän, göni garly ýerden ýöräp, howludan çykdym. Töweregime seretsem, öz yzlarymdan başga yz ýok. Gar şeýle bir ýagypdyr welin, seretdigimçe seredesim gelip dur.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar