Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

1 Ýanwar 2021
1493

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

"Nesil".
Beýleki habarlar