Eziz ýurdum — bagy-bossan

13 Noýabr 2024
255

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjyna eýerip, ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň ilaty hem ýokary watançylyk hyjuwy bilen gatnaşdy. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine beslendi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak we bu il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işi yzygiderli dowam etdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden göwünleri galkynan welaýat merkeziniň ýaşaýjylary «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýyndaky ýere bag ekmek dabarasyna ýygnandylar. Bu işe bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Watançylyk şygarlary, türkmeniň ak öýleri bilen bezelen meýdançada guralan dabarada welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň, adygan tans, halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli, şirin owazly, belent mukamly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda ösüşdir özgertmelere beslenen bagtyýar durmuşymyzyň, päk zähmetiň waspy öz beýanyny tapdy.

Muhammet GYLYJOW.
Beýleki habarlar