Şibit

15 Oktýabr 2024
371

Güýz möwsüminde hasyl ýygnalyp, boşap galan ekin meýdanlary ulanmak daýhanlara bähbitlidir. Bu ýagdaý, ilki bilen, ekin meýdanynda ekin dolanyşygyny geçirmegi üpjün edýär. Şeýle-de meýdanda haşal otlaryň azalmagyna, ýeriň, topragyň hiliniň gowulanmagyna getirýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasyl alynmagyň özi, ak bazarlarymyzyň ter önümler bilen üpjün bolup, ilatyň miwedir bakja önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Islendik ekini ekmezden ozal, topragy ekiş üçin taýýarlamalydyr. Topragy ýumşadyp, haşal otlardan arassalamaly, mineral dökünler bilen iýmitlendirmeli. Ekin ekilip, suwarylanda suw akyp şol bir ýere üýşmez ýaly, ekin meýdanynyň tekiz, endigan bolmagyny gazanmaly. Güýz möwsüminde ekin ekilende howa şertleriniň durumyna-da ünsli çemeleşmeli. Çünki tohum şinelänsoň, ony sowuk urmagyna ýol bermeli däldir.

Mähriban DÖWRANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar