«Ak altyn» ussatlarynyň arasynda

25 Sentýabr 2024
369

Häzirki günlerde ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Etrabymyzyň janypkeş daýhanlary hem bereketli topraga alyn derlerini siňdirip, tutanýerli zähmet çekýärler. Ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny ýygnaýan edermen daýhanlarymyzyň, kärendeçilerimiziň zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem ýygym möwsüminiň dowamynda olaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň armasyny ýetirip durmagynyň, iş şertleri bilen tanyşmagynyň, wagyz-nesihat çärelerini geçirmeginiň ekin meýdanlarynda ýadawsyz zähmet çekýän adamlaryň ruhubelentligini, işeňňirligini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek.

Geçirilýän çäreleriň dowamynda pagta ýygymynda tapawutlanýanlara dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşurylýar. Olar ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy, şol sanda oba zähmetkeşleri hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Bahargül BEGNAZAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar