Biologiýa dersinden bäsleşdiler

20 Sentýabr 2024
569

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baýramçylyk çäreleridir bäsleşikler biri-birine ulaşýar. 18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden geçirilen bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň tebigy zehin-başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we höweslendirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen ders bäsleşiginiň esasy maksady Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşik biologiýanyň ylmy we amaly meselelerini derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmekde, olaryň bu ders boýunça bilimlerini has-da artdyrmakda, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakda netijeli boldy.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar