Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi "Sarahs" ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi

26 Iýul 2024
151

Golaýda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we onuň ýanyndaky wekiliýet Sarahs ýörite ykdysady zolagy bolan “Paýane” serhetýaka ýük ulag terminaly we gümrükhanasy, şeýle hem Türkmenistan bilen bilelikdäki serhetde ýerleşýän “Dostluk” bendi bilen ýerinde tanyşlygy amala aşyrdy. Bu barada Eýranyň diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.

Bu meýdan tanyşlygynda Sarahs serhet geçelgesindäki gatnawyň ýagdaýyny öwrenmek bilen bir hatarda, gatnawlary aňsatlaşdyrmagyň we bolup biläýjek kynçylyklary aradan aýyrmagyň ýollary barada pikir alyşmak maksady bilen sebitiň müdirleriniň we jogapkär ýolbaşçylarynyň, şonuň ýaly hem ulag kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Beýleki habarlar