Utgaşdyryş zolagy Hytaý — Russiýa ugrunda ýol ulag ugurlaryny açdy

25 Iýul 2024
214

Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäherindäki utgaşdyryş zolagy maýadarlary onuň ösüşine we «Bir guşak, bir ýol» bilen mundan beýläk-de birleşmäge, giň gerimli halkara alyş-çalşygyny we hyzmatdaşlygyny ösdürjek platforma döretmäge çagyrýar.

Şu maksat bilen, «Hytaý — ŞHG» sebitleýin ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň utgaşdyryş zolagy ýakyn aýlarda hemmetaraplaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegi dowam etjekdigini Sindaonyň hökümetiniň baş sekretarynyň orunbasary Çen Wanşen geçen aý ýaýbaňlandyrylan metbugat ýygnagynda aýtdy. «Hytaý — ŞHG» zolagy dünýäniň dürli künjeginden gelen maýadarlary özleri üçin ajaýyp geljegi açjak gurluşyk üçin birleşmäge çagyrýar» — diýip, ýolbaşçy Sindaonyň bu taslamanyň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini tassyklady.

Beýleki habarlar