Döwrüň bagtyýarlyk owazy

23 Iýul 2024
244

Biz gözelligiň dünýäni halas edýändigi baradaky pähimi kalbymyza nagyşlap, kämil, owadan, gowudan gowy nusgalaryň, ýol-ýörelgeleriň dowamat-dowam bolmagy ugrunda çalyşýarys. Elbetde, iň owadan, mukaddes gözellik bolsa, ynsanlaryň kalbyny nurlandyrýan haýyrly gowulyklary, ýagşy işleri amal etmekde şöhlelenýändir. Biz Magtymguly Pyragynyň «Ýagşylyk — ýar behem eder» diýişi ýaly, ýagşy, gözel niýetleriň myrat tapýandygyna, ýagşy işleriň çogalýandygyna, herekete berekediň ýardygyna, agzybirlik bilen başlanan işleriň rowaçlyklara beslenýändigine ynanýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň agzybirlik bilen, ýagşy işleri amal edip, bellenilen sepgitlere ýetmäge, yzygiderli ösmäge ymtylyşynyň beýany ak maksatlary gazanylýan üstünliklerde şöhlelenýär. Bu döwür ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri-de, şu ýylyň 6 aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleridir. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6 aýynda dürli ugurlarda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň barşynda gazanylan netijeler anyk görkezilip, öňde duran esasy wezipeler kesgitlenildi. Ýylyň başyndan bäri milli ykdysadyýetimizde gazanylan ösüş depgininiň diňe bir degişli derejede saklanman, eýsem, onuň ýokarlanandygy kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir. Ýurduň durmuş-ykdysady görnüşine baha berilende, ilki bilen onuň makroykdysady görkezijileri häsiýetlendirilýär. Geçen döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime ýetirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşiniň bellenen çäkde üpjün edilmegi, önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň ençemesiniň ulanylmaga berilmegi üstünlikli ösüşiň görkezijisidir.

Milli ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirilen ähli maliýe çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depginleri has-da ýokarlanýar. Ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidýär, milli manadyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmäge, eksporty artdyrmaga, halkyň iş bilen üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga, her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysadyýeti ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan durnukly hem-de netijeli maýa goýum ulgamyny döretmegi başardy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilmegi, munuň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdügi bu hakykaty tassyklaýar. Bu ösüşler halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini bellemek bilen, 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar