Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmagy

22 Iýul 2024
221

Milli ykdysadyýetiň ösüş ugrunyň durmuş ugurly ynsanperwer syýasat bilen utgaşmagy Türkmenistanda adam hakdaky aladanyň baş orunda durýandygyny görkezýär. Çünki adam jemgyýetimiziň iň uly gymmatlygy bolup, raýatlarymyzyň bagtyýarlygy döwletimiziň abadanlygydyr, ýurdumyzyň berkararlygydyr. Şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi munuň, hakykatdan-da, şeýledigine ýene bir ýola şaýatlyk etdi.

Ykdysadyýetiň pudaklarynda geçen alty aýda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisde nygtalyp geçilişi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.

Esen AGAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar