Köpugurly özgertmeler— depginli ösüşiň binýady

22 Iýul 2024
364

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň geçen alty aýynda durmuş-ykdysady ösüşimizde gazanylan netijelere baha berildi we geljekde öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň alyp barýan syýasatymyz bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir» diýen sözleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak wezipesiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny görkezýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda önümçilik hem-de hyzmatlar ulgamynda gazanylan oňyn netijeleriň ykdysadyýeti dolandyrmagyň oýlanyşykly usullaryny ulanmagyň esasynda mümkin bolandygy nygtalmaga mynasypdyr. Maksatnamalaýyn çemeleşme şeýle usullaryň biri bolup, onda ösüşiň häzirki tapgyrynda wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatlary netijeli durmuşa geçirmegiň ýollaryna, gurallaryna, serişdelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Belli bir maksat bilen işlenip taýýarlanylýan milli maksatnamalar häzirki zaman ösüşiniň durmuş-ykdysady häsiýetli meselelerini çözmegiň usuly hökmünde peýdalanylýar. Hususan-da, milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilýän şertlerinde bu meseleleriň wajyplygy has-da artýar. Ykdysadyýetiň depginini çaltlandyrmagyň özboluşly guraly hökmünde diwersifikasiýa syýasaty ýurtda jemlenen içerki mümkinçilikleri ösüşiň bähbidine ulanmaga ýardam berýär. Tejribeden belli bolşy ýaly, diwersifikasiýa esasynda ösdürilýän ykdysadyýetler durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Çünki ykdysadyýetiň köpugurlylaşdyrylmagy makroykdysady deňagramlylygy saklamaga päsgel berýän ol ýa-da beýleki önümçilik we eksport ýöriteleşmesine garaşlylygy azaldýar, içerki hem-de daşarky amatsyz şertlerde-de ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrýar, täze, tehnologik taýdan has çylşyrymly bolan önümleri, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin şertleri döredýär. Munuň şeýledigine geçen alty aýda pudaklarda alnyp barlan işleriň netijeleri-de şaýatlyk edýär.

Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar