Änew medeniýeti: gadymy dünýäniň sahypalary açylýar

18 Iýul 2024
309

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi milli taryhy-medeni mirasymyza goýulýan sarpanyň, ony düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda edilýän işleriň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Munuň özi gadymy Änew medeniýetine, onuň arheologik ýadygärliklerine dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.

Şanly ýylda gadymy Änew şäheri bilen bagly gyzyklanmalar diňe daşary ýurtlularda däl, ildeşlerimizde, şol sanda mende hem döredi. Şoňa görä, irki döwürlerde ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleriniň tapylan, adamzat taryhynda gadymy ekerançylyk medeniýetiniň dörän sebitinde — Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp görmegi maksat edindim. Sebäbi öz ýurduň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak, olary gözüň bilen görmek, bu barada geň, täze maglumatlary bilmek hemişe-de gyzykly.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar