Güneşli Türkmenistan: syýahatçylaryň höwes edýän mekany

4 Iýul 2024
827

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden kemala gelen  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we Arkadag şäheriniň taryhy we häzirki zaman aýratynlyklary dünýä syýahatçylarynyň gyzyklanmasyny has artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi. Ýurdumyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça iň möhüm düzüm bölegi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny  barha giňeltmegi syýahatçylyk ulgamynyň ösmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýan taryhy gymmatlyklaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, gadymy Köneürgenç şäheri, köne we täze Nusaý galalary hem-de beýleki taryhy ýerler bar.

Polat ÇÖRLIÝEW,
Etrek etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar