Magtymguly, öwüt bergin söz bile

1 Iýul 2024
62

Türkmen edebi mirasymyzda öçmejek yz galdyran milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň her bir jümlesi çuňňur mana eýedir. Dana şahyryň kämillige ýetmeginde pederi Döwletmämmet Azadynyň şahsy göreldesi uly täsir edipdir. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki nesil terbiýesi babatda aýdylanlaryň agramly bölegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde dowam etdirilýär. Ýaş nesli öz döwrüniň nusgalyk şahsyýeti hökmünde kemala getirmekde, dogry ýola gönükdirmekde parasatly şahyryň watançylyk, agzybirlik, dostluk, söýgi, edermenlik, döwletlilik, ahlaklylyk temalaryndaky goşgulary uly ähmiýete eýedir.

Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat häsiýetli goşgulary halkymyzyň aýratyn bir görelde mekdebine öwrüldi. Olar halk içinde nakyla öwrülip, häzirki günlere çenli dilden düşürilmän ulanylyp gelinýär. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň nesihatçy şahyrydyr. Muny parasatly şahyryň özi hem ençeme şygyrlarynda beýan edýär:

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar