Ruhy galkynyşyň goşa ganaty

1 Iýul 2024
76

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde neşire taýýarlamagynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowanyň «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly täze kitaby çapdan çykdy. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapda Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik ýoly hem-de şu günlerimizde dowam edip gelýän edebi mekdebi hakynda söhbet edilýär.

Neşirde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň many goýazylygynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebinden gözbaş alyp, täze bir milli ýörelgäniň başlangyjy bolýandygy, alym Arkadagymyz bilen beýik söz ussadynyň döredijiliginiň arasyndaky özboluşly edebi köpriniň ähmiýeti barada ygtybarly maglumatlaryň esasynda gürrüň berilýär. Magtymgulynyň ynsanperwer garaýyşlary bilen Milli Liderimiziň kitaplarynyň düýp özenindäki garaýyşlar derňelýär.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar