5,2 milliard amerikan dollaryna deň boldy

1 gün öň
27

2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Gyrgyz Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygy 5,2 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,7 göterim ýokarydyr. Hasabat döwründe ýurduň eksporty 19,7 göterim, importy bolsa 29,2 göterim artdy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 4 aýynda Gyrgyz Respublikasynyň GDA ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygy 11,45 göterim artyp, 1 milliard 659 million amerikan dollaryna deň boldy.

Taýýarlan: Hangeldi Atamuradow, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar