3 milliard 675,2 million kub metr tebigy gazy eksport etdi

1 gün öň
25

Azerbaýjan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkiýäni tebigy gaz bilen üpjün etmekde öňdäki orny eýeledi. Hasabat döwründe Azerbaýjan Türkiýä 3 milliard 675,2 million kub metr tebigy gazy eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň ilkinji
4 aýy bilen deňeşdirilende, 4,6 göterim köpdür.

Ýeri gelende bellesek, diňe aprel aýynyň özünde Azerbaýjanyň türk bazaryna iberen tebigy gazynyň mukdary 1 milliard kub metrden gowrak bolup, bu görkeziji 2023-nji ýylyň apreli bilen deňeşdirilende, 12,02 göterim artykdyr. Häzirki wagtda Türkiýäniň daşary ýurtlardan satyn alýan tebigy gazynyň 41,8 göterimi Azerbaýjanyň paýyna düşýär.

Taýýarlan: Nazar AGAMYRADOW, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar