Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

2 gün öň
140

Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi we 2028-nji ýyla çenli ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşýandygynyň subutnamasy boldy.

Konsepsiýada mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeler bilen işlemek boýunça öňde durýan anyk wezipeler beýan edilýär. Bu resminamada çagalar edaralary bilen orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, okatmagyň hilini, mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreler göz öňünde tutulýar.

Gunça TEMIMOWA,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim we mekdepden daşary edaralary bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar