Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

2 gün öň
115

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar