Köňülleri buýsandyran şanly waka

2 gün öň
112

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän işler halkymyzda buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz beýik ösüşlere eýe bolýar. Bu beýik ösüşler halkymyzda buýsanç döredip, dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Arkadag şäheriniň ajaýyp keşbi, iň döwrebap şertleri dünýäniň ünsüni jemleýär.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy. Şeýle hem baýramçylyk maslahatynda Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine

Mahym ORAZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň umumy fizika kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar