Arkadag şäheri — baky bagtyň şuglasy

2 gün öň
123

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, il-ýurt bähbitli işler rowaçlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu taryhy sene Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda möhüm sahypa bolup, halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrýar.

«Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde nusgalyk şäherdigini aýratyn belläsimiz gelýär. Munuň özi ajaýyp şäherdäki binalaryň döwrebaplygyny, sanly ulgamyň iň ýokary derejede üpjün edilendigini aýdyň beýan edýär. «Akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Şunda öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy ýokary derejede durmuşa ornaşdyrylandyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar