Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

30 Iýun 2024
181

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge we giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň esasynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanan wagyz-nesihat çäreleri, ylmy maslahatlar we dabaralar ýokary derejä eýe boldy. Bu babatda birnäçe kanunçylyk namalarynyň hem kabul edilendigini bellemek gerek. Hususan-da, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Kanunlar kabul edildi. Bularyň ählisi beýik akyldara goýulýan belent sarpany we gymmatly eserleriniň uly ähmiýete eýedigini aýdyň beýan edýär.

Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň şygyrlary asyrlaryň synagyndan geçip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem gymmatyny ýitirmeýän paýhasly pikirlerini dünýä ýaýýar. Ynsan akyl-paýhasynyň zergäri Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy beýik ata Watanyna, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Häzirki günde bu gymmatly eserler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Täzegül YMAMGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dosenti, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar