Umumadamzat gymmatlyklaryny wasp eden şahyr

30 Iýun 2024
173

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz batly gadamlar we mizemez ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şunda nusgawy edebiýatymyzyň, ene dilimiziň ähmiýetini aýratyn belläsimiz gelýär.

Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar, temasynyň köpdürlüligi şahyryň eserlerini has-da şöhratlandyrýar. Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatyny dünýä tanatdy. Halypa hökmünde Magtymguly öz döwürdeş we özünden soňky şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde has aýdyňlaşýar. Magtymgulyny garagalpak söz ussady Berdak hem halypasy hasaplapdyr. Berdagyň:

Maýagözel MUHYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 54-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar