Ylym — bagtyň çyragydyr

26 Iýun 2024
941

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirýär. Iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşikde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlara aýratyn üns berilýär. Men hem bu bäsleşige «Türkmenistanda ýaşyl wodorodyň önümçiligini gurnamagyň ylmy esaslandyrmasy» atly işim bilen gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldum.

Wepa SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar