Mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

26 Iýun 2024
102

Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Ählitaraplaýyn kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde bilim ojaklarynyň möhüm orny bar. Şonuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, ak mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine bada-bat girişildi.

Beýleki bilim ojaklarynda bolşy ýaly, Sarahs etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işlerine giň gerim berildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde bolýan häzirki günlerde bu işleri talabalaýyk alyp barmakda mynasyp tagallalar edilýär. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde möhüm ähmiýete eýe bolan abatlaýyş işlerinde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilýär.

Döwran NOWRUZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar