«Enaýdan» tomus sowgady

26 Iýun 2024
62

Tomus paslynda halkyň sowadylan önümlere bolan islegi barha ýokarlanýar. Gyzgyn howada sowuk çaýlardyr dürli tagamly doňdurmalar bedene aram berýär, şähdiňi açýar. Şeýle islegli önümleri bilen tanalýan Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Garamahmyt geňeşliginde ýerleşýän «Enaý» süýt önümlerini öndürýän hususy kärhananyň işgärleri hem tomusky iş möwsümine yhlasly girişdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jümägül Annaýewa degişli bolan bu hususy önümçilik 2010-njy ýylda açyldy. Süýt önümlerini öndürýän kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, önümçilik doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Buzgaýmak önümçiliginde zerur bolan esasy çig mal, ýagny, süýt şol çäkdäki obalardan satyn alynýar. Bu ýerde her günde süýji tagamly buzgaýmaklaryň 200—300 kilogramy, ýagny, 1600-den 2000-e çenlisi öndürilýär.

Näzik JOMARTOWA,
welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.
Beýleki habarlar