Kuwwatly ösüşiň binýady

26 Iýun 2024
71

Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz taryhy döwri başdan geçirýär. Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum halkymyzyň arzuw-isleglerinden ugur alýar. Durmuşa geçirilen taryhy tutumlaryň netijesinde tanalmaz derejede özgeren, gözelleşen ýurdumyzda täze sepgitler nazarlanýar.

Döwrümiziň şunuň ýaly taryhy ösüşlerinde ylym-bilim ulgamyna hem uly üns berilýär. Sebäbi kämil bilim we ylym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän belent sepgitleriň, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň mizemez binýadydyr. Şu hakykatdan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda iri möçberli, milli ruhy gymmatlyklary, bu ugurlarda gazanylan dünýä tejribelerini özünde jemleýän özgertmeleriň gerimini has-da giňeldýär.

Annagül ÇONAKOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar