Belent maksat rowaçlanýar

26 Iýun 2024
74

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we olara hünär öwredilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu ugurda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ähli bilim edaralarynda sanly tehnologiýalar, ýokary tizlikli internet ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Şol tehnologiýalardan oňat baş çykaryp, saýlap alan ugrundan ökde hünärmenleri ýetişdirmek bolsa esasy maksadymyzdyr.

Ähli ugurlarda täze tehnikalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylýan döwründe nebitgaz ýataklarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ylmyň gazananlarynyň innowasion tehnologiýalary bilen talyp ýaşlarymyzyň tanyşmaklary we öwrenmekleri üçin degişli dersler boýunça göçme sapaklar guralýar. Bu bolsa talyp ýaşlarymyzyň alýan nazary bilimlerini tejribede berkitmeklerine ýakyndan ýardam edýär.

Gözeljemal AŞYROWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň esasy hünärmeni,önümçilik hünär okuw ussasy.
Beýleki habarlar