Ýurduň nurly geljegi

26 Iýun 2024
70

Edep-terbiýeli bolmak ynsany bezeýän zerurlyklaryň hatarynda esasy orny eýeleýär. Perzentleriniň ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini, edep-terbiýeli, Watanyň mynasyp ogul-gyzlaryny, kämil neslini kemala getirmekligi ähli döwürlerde-de ömrüniň manysy hasaplan halkymyz bu meselä inçelik bilen çemeleşipdir.

Pederlerimizden nesilden-nesle geçip gelýän asylly ýol-ýörelgeler ajaýyp döwrümizde berk berjaý edilýär. Belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly, aň-düşünje babatda kämil, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň gözýetimli nesiller ähli ugurlardaky oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup, ata Watanymyzyň nurly geljegidir. Ýurdumyzda döwrebap bilim berlişiniň ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän edep-terbiýe bilen utgaşdyrylýandygyny hem bellemelidiris. Munuň özi giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly, ylym-bilimli ýaş nesliň kemala gelmegine şert döredýär.

Isa BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar