On iki sany... (Hekaýa)

25 Iýun 2024
85

Başga obalarda nähilidigini bilemok welin, biziň obamyzda ýaz gelip, howa maýlansoň, hojalykçy zenanlar kürk towuklaryny basyryp, jüýje çykarmagyň irginsiz aladasy bilen başagaý bolýarlar. Şolaryň arasynda ejemiň halypalyk etmeginde biziňem maşgalamyz bardy.

Şeýle günleriň birinde ejem howlymyzyň aýak ujundan alty sany ýer ketek gazdyrdy. Üstüni akbaşdyr ýandak bilen basyryp, içine saman düşedi. Soňundanam doganym Ogulnar bilen ýygnan ýumurtgalarymyzy bir ýere üýşürtdi-de, olaryň daşyna atanak şekilli edip, howludaky meýdan ojagyň üstünde duran kyrk gulak gazanyň garasyny çaldyrdy. Çalnan şol gara bellikler bardy-geldi basyrylýan towuk şol ýumurtgalaryň üstüne täzeden ýumurtgalaýsa, olary tapawutlandyrmak üçin gerek eken.

Aýnabat ATAÝEWA.
Beýleki habarlar