Erik bişende... (Oýlanma)

25 Iýun 2024
65

Men çagakam howlymyzyň sag ganatynda ösüp oturan üç düýp erik agajy miwesiniň datlylygy bilen beýleki eriklerden tapawutlanýardy. Enemiň atlandyryşy ýaly, bizem ol erikleri «atamyň erigi» diýip atlandyrýardyk. Miwesi ýetişen wagty orta ululykdaky gyzylymtyl sary öwsüp duran erikleriň tagamy örän üýtgeşikdi. Enemiň ol eriklerden yhlas edip ýygyp, kölegede guradyp, taýýarlaýan kişdelerini diýsene! Howluda başga-da erik agaçlary kändi. Ýöne biziň üçin bu üç düýp erik aýratyn ezizdi. Atamyň özi-hä: «Bu howludaky erikleriň hemmesi bir kökden ýaýran, ýöne men bu üç düýbi öz elim bilen oturtdym, öýe has golaý ýerleşensoň, ilki bilen, şulara seredýän. Size üýtgeşik ýaly duýulýany şonuň üçin bolaýmasyn» diýerdi. Enem bolsa: «Ataňyz şol üç düýp erigi öz çagalary ýaly eziz görýär, her gün irden turup, şolaryň ýanyna baryp, esli wagt olaryň daşyndan aýlanyp, olar bilen «gürleşýär». Şonuň üçin ol erikler beýleki eriklerden tapawutly» diýip degşen bolardy. Ýöne enemiň degşip aýdýan bu gürrüňleri gaty bir degişmä-de meňzänokdy. Degişmä görä hakykata has ýakyndy. Özümem kän gezek ir bilen atamyň şol erikleriň ýanyndan aýrylman, öz-özi bilen gürleşýän ýaly bolup ýöreniniň şaýady bolupdym. Iň täsin galdyrýan ýeri-de, atam segsen ýedi ýaşap, «dünýäsini täzelänsoň», bir ýyldan kän wagt geçmänkä ol erikler hem guramak bilen boldy. Men şonda «Diňe adam ogly däl, eýsem, agaçlaram ezizlenenini, mähir siňdirilenini duýýan eken» diýip, geň galypdym. Enemleriň öýüniň, ejem aýtmyşlaýyn, «garry öýümiziň» töweregi, howlusy hiç wagt bagsyz, eriksiz bolmandyr. Ýöne men her baharda, erik bişende bu wakany biygtyýar ýatlanymy duýman galýaryn.

Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň Görogly etrap wekili.
Beýleki habarlar