Bilim özgertmeleri — ösüşleriň binýady

25 Iýun 2024
94

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berlen giň gerimli maksatnamalar kämil bilimli, innowasion özgertmelere taýýarlykly, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan, hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan ýaş nesliň taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty öňde goýlan milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply, ýokary taýýarlykly ýaşlaryň taýýarlanylmagyna, okuw işine innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir. 26-njy maýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem bu syýasatyň bir bölegidir. Bu resminama häzirki döwürde bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ösüş-özgertmeler, gurulýan döwrebap desgalar, ylmyň hem tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar ýaş nesle berilýän bilimiň, orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi zerur şert hökmünde öňe çykarýar. Bilim ulgamy döwür bilen aýakdaş gadam urup, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan gowy baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmeklerine mynasyp goşant goşmalydyr.

Jeren MÄMMETKULYÝEWA,
Sarahs etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar