Tüýdügiň owazy (Hekaýa)

25 Iýun 2024
69

Biz onuň adyny Münnük diýip tutýardyk. Sebäbi obamyzda onuň üstüne münmedik çaga ýokdy. Janawar tüýs gumuň malydy, depmäni-gapmany bilmezdi. Golaýyna barsaň hem ilki eliňi ysgap görerdi, soň başyny aşak egerdi. Bu onuň gel üstüme mün diýdigidi. Alkymyndaky ýüňe eliňi ýetirseň hem, ýuwaşjadan başyny galdyrardy. Soň gerşine atlanýançak mizemän durardy. Onsoň, Münnügiň üstüne münseň dünýä aýagyň aşagynda ýalydyr. Käte biz oňa üç bolup münerdik, käte-de dört bolup. Ol seniň sanyňa seretmez, sygybilseň boldugydyr. Ýeriň pesi bilen şo-ol gider oturardy.

Heniz säher gijäniň elinden doly sypmanka Ogulla ony sagyp örä çykarardy. Soň biz onuň örüden gelerine howlugardyk. Oňa bizden hem beter howlugýan onuň köşejigidi. Janawarjyk enesi bilen sesi alşandan bozlap ugrar. Münnük janawaram oňa jogap edip, garabagyr enäniň balasyny soraglaýşy ýaly hamraklyk bilen özüniň ýetip barýanyny duýdurardy. Şol bozlama meniň şu wagt hem gulagymdan gidenok. Onda hem-ä ýakymly ýadawlyk bardy hem-de argyn begenç. Onsoň biziň hemmämiz Ogullanyň çykaryna garaşardyk. Gazygyndan boşanan köşejik guýrugyny jaýtardyp enesine tarap ýönelerdi. Köşejigiň agzy köpükden dolandanam, könege düşýän süýdüň sesi eşidilip başlar. Ol hiç bir saza meňzemeýän, hiç bir nota sygmaýan gumuň öz mukamydy. Edil dutar perdesi ýaly aşakdan ýokarlygyna galyp, güžžüldäp ses ederdi. Bu görnüşi synlamak diýseň ýakymlydy.

Öwezmyrat ÝERBENDI,
ýazyjy.
Beýleki habarlar