Dutaryň sesi (Durmuş pursatlary)

25 Iýun 2024
58

Käýarym şeýle bir obany küýseýärin. Ol meniň üçin alyslarda galan ýaşlygym, üznüksiz şatlygym bolup görünýär. Ine, ýene-de dogan didaryna teşnelik, oba bolan küýsegim meni aýal doganymyň öýüne tarap alyp gitdi. Agşamyň şapagynda uýam häsiýetime belet bolany üçin, daşardaky sekiniň üstüne täzeje keçeleri düşäp, gök çaý demläp, basyrypdyr. Ol meni mähribanlyk bilen garşylady. Her gezek oba gelenimde öýe girmezden öň giň howlymyzy synlap oturmagy halaýanlygym aýal doganym üçin täzelik däldi. Haý diýmän hem garaňky gatlyşyp, ýyldyzlar ýere dökülen akja patrak ýaly bolup göründi. Biz uýam bilen aramyzdan ir giden iň uly aýal doganymy ýatlap gürrüňe başladyk. Ol hemişe asmanyň dury wagty, ýyldyzlary synlap, şu aýdyma hiňlenerdi:

—Wada wagty bolynça,
Aý asmana galynça.
Garaşaryn gelinçäň,
Ýyldyzlaryň astynda.

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar