Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

25 Iýun 2024
244

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň ylymly-bilimli bolmagyny üpjün etmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ugrundan durmuşa geçirilýän işler her bir bilim işgärini, halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletli Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Şeýle döwletli işleriň ýola goýulmagy, ylym-bilimde özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak ýaly işlerde berk binýat bolup durýar. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümizde mugallymlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlanýandygyny, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýändigini, ösen şertleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly

Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilim döwrebap ösdürilýär we giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini bilim ulgamynda gazanylýan üstünliklerden, döredilýän şertlerden aýdyň görmek bolýar.

Altynjemal ESENOWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar