Akyldar şahyryň döredijiliginde Watan waspy

25 Iýun 2024
163

Mertlik we gaýduwsyzlyk pederlerimiziň durmuş pelsepesinde esasy orny eýeläp, halkymyzyň milli döredijilik mirasynda ör-boýuna galýan taglymatdyr. Ata-babalarymyzyň bu durmuş hakykaty asyrlarboýy halkymyzyň aň-düşünjesine, ynam-ygtykadyna siňdirilip, bize miras galdyrylan gymmatly düşünjelerdir. Erkinligi, parahatçylygy söýýän halkyň olary gorap saklamagy üçin merdi-merdanalyk ýörelgesiniň has öňe çykýandygy düşnüklidir. Türkmeniň mertlik mekdebi has irki zamana daýanýar. Oguz hanyň döwründen Erkil Hoja, Gorkut ata, orta asyrlarda Möwlana Jelaleddin Rumy, Beýik Seljuklarda Abul Haýr Mäne baba, Nyzam al Mülk ýaly mertlik düşünjesini wagyz eden şahsyýetler bilen birlikde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ornuny hem aýratyn bellemelidiris. Onuň döredijiliginde ahlak gözellikleri, durmuş pelsepesi bilen bir hatarda watansöýüjiligiň özenini emele getirýän merdi-merdanalyk, är ýigitlik, gahrymançylyk has aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Şahyr şygyrlarynyň üsti bilen tutuş adamzada ýüzlenip, wepalylyk, rehim-şepagat, sabyr-kanagat, mertlik, ygtybarlylyk, mertebe we jogapkärçilik, kiçigöwünlilik, bähbide çapmazlyk, duýgurlyk ýaly gymmatly düşünjeleri wagyz edipdir.

Magtymguly Pyragy «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusynda türkmen dünýäsini – tebigatyny, däp-dessurlaryny, hoşgylaw adamlaryny, il agzybirligini wasp edipdir. Akyldar şahyryň «Türkmeniň» şygrynda halkymyzyň ajaýyp häsiýetleri öňe çykýar:

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar