Işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeli

25 Iýun 2024
52

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleriniň özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabatlaryny diňledi.

Beýleki habarlar