Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

25 Iýun 2024
44

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Beýleki habarlar