Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

25 Iýun 2024
48

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar