Pyragydan ylham alyp

25 Iýun 2024
651

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli bilelikde yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa bäsleşigiň guramaçylary we ýeňijileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramlara beslenýän ajaýyp günlerinde beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çäreler şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň köpöwüşginli dabaralary bilen hem utgaşýar. Şol sanda beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilip, ýeňijilere sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň geçirilmegi-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Şanly ýylda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem köňüllere ylham beren şeýle ajaýyp medeni çäreleriň biri boldy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar