Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

24 Iýun 2024
32

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän «akylly» şähere geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar