Sülgün sesi (Hekaýa)

24 Iýun 2024
107

Nury aga boz meýdanyň gyrasyndan girende, özüni başga bir dünýä düşendirin öýtdi. Pah, gözüňe söweýin, mele meýdanyň gaýrasy ho-ol Garagumuň saryýag ýaly zire çägeli depeleri bilen ýanaşyp ýatyr. Ileriňe seret, çal bulutlaryň arasyndan Köpetdagyň geriş-geriş gaýalary seleňläp görünýär. Dur-la, bu gulaga gelýän owaz öň eşidilmedik nagma ýaly-la. «Hany, bile diňläli!» diýýän ýaly, dik depede mollatorgaýam pelpelledi. Käkilikdir diýseň, ol janawar gaýa-daşa gonmaly guş, bezbeltegiň sesem muňa meňzeş bolmaly däl. Huşum gursun, sülgün! Onda-da erkegi «jok-jok» urýar-a. Anha, taýy hem inçemik ses bilen höwrüne goşuldy.

Uzynakdan dolmuş, ullakan ala gözleri höwesli-heserli lowurdaýan, altmyşa aýak atanam bolsa, göwresi ýeňil gopýan adam jam ýaly gulaklaryny hasam gerdi.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Beýleki habarlar