Tejribelik ― tejribe mekdebi

24 Iýun 2024
142

Institutymyzyň 1 ― 4-nji ýyl talyplary 22-nji iýundan tomusky okuw tejribeligine girişdiler. Birinji, ikinji we dördünji ýyl talyplarymyz institutyň binýadynda tejribelik geçýän bolsalar, üçünji ýyl talyplarymyz tutuş okuw ýylynyň dowamynda öwrenenlerini Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerde we çagalar bakja-baglarynda özleşdirýärler.

Okuw tejribeliginiň meýilnamasyna görä, birinji we ikinji ýyl talyplarymyzyň tejribeligi 5-nji iýula çenli dowam eder. Üçünji, dördünji ýyl talyplarymyz bolsa 12-nji iýula çenli tejribelik geçerler.

Sülgün BABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar