2024-nji ýylyň öňdebaryjy mugallymlary kesgitlenildi

24 Iýun 2024
199

Öňňin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2024» döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik her ýylda hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny, kabul edilen bilim konsepsiýalaryny durmuşa geçirmekde, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribesi bolan professor-mugallymlary ýüze çykarmak, olary täze üstünliklere höweslendirmek, pedagogik işjeňligini artdyrmak, iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen guralýar.

Bäsleşikde ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýandygyna, okadýan dersleri boýunça okuw kitaplarydyr gollanmalary işläp taýýarlaýandygyna, bilimi, ylmy we önümçiligi özara utgaşdyryp sapak okadýandygyna görä baha berilýär. Onuň esasy şertleriniň biri mugallymyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny, sanly ulgamy, dünýä tejribesini ulanmak bilen, sapagy ylmy esasda guramagy başarýandygyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Şunlukda, tejribeli mugallymlaryň okadýan dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, elektron kitaplary, gollanmalary, wideo we audiomateriallary, interaktiw-multimedia programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, distansion bilim tehnologiýalaryny sapakda döredijilikli peýdalanmaklary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. «Ýylyň mugallymy» adyna dalaşgärleriň okuw kitaplary, gollanmalary, ylmy-döredijilik işleri, metbugat sahypalaryndaky makalalary, halkara ylmy-amaly maslahatlardaky çykyşlary jikme-jik seljerildi hem-de olaryň her biri adalatly bahalandyryldy. Bäsleşikde mugallymlar sapagy guramagyň döwrebap usullaryny peýdalanýandyklaryny görkezdiler. Olar sapagyň dürli döwürlerinde edilmeli işleri, şol sanda täze temany öňki geçilen tema bilen baglanyşdyrmagy, tehniki serişdelerden, edebiýatlardan, audio we wideo ýazgylardan, multimedia tagtasyndan netijeli peýdalanmagy, wagty tygşytlamagy üstünlikli başarýandyklaryny subut etdiler.

Bagty ÖDEGULYÝEWA.
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.
Beýleki habarlar