Ýoluňyz ak bolsun, uçurymlar!

24 Iýun 2024
152

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň uçurymlarynyň gutardyş dabaralary geçirildi. Geçen hepdäniň şenbe güni baýry bilim ojagy bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan dabara hem ruhubelentlige, egsilmez şatlyga beslenip, many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlandy.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilýän şu ýylda ýokary okuw mekdebini hünärleriň 30-sy boýunça 1 müň 521 uçurym tamamlady. Olaryň 1 müň 461-si hünärmen, 40-sy bakalawr, 20-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular. Uçurymlaryň 94-si bolsa okuwlaryny tapawutlanan diplom bilen tamamladylar. Şunlukda, ýaş hünärmenleriň ýene-de bir tapgyry dabaraly ýagdaýda zähmet ýoluna ugradyldy. Uçurymlara ak ýol arzuwlamak maksady bilen guralan dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we uçurymlary gatnaşdylar.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
Beýleki habarlar