Fudzi dagyndan, elwan güllerden salam!

23 Iýun 2024
718

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024

Ýa­kyn­da Ýa­po­ni­ýa döw­le­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Bu me­de­ni da­ba­ra­la­ra köp­san­ly gör­nük­li me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri bi­len bir­lik­de bag­ty­ýar türk­men ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar. Ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­nyň we mu­gal­lym­la­ry­nyň bol­ma­gy bu sy­ýa­sy-me­de­ni çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar. Ýaş­lar da­ba­ra­lar­da we bir­nä­çe du­şu­şyk­lar­da, mas­la­hat­lar­da çy­kyş et­di­ler. Bu iş sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­riniň iki hal­kyň dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy­na ber­ýän be­lent ba­ha­sy onuň ýa­zan iş­le­rin­de giň­den şöh­le­len­ýär. Her bir gat­na­şy­jy­da ýat­dan çyk­ma­jak duý­gu­la­ry gal­dy­ran şu sa­par bi­len bag­la­ny­şyk­ly Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­rin­de Gü­nüň dog­ýan ül­ke­si ba­ra­da­ky ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry paý­laş­ma­gy mü­wes­sa bil­dik.

Säh­ra­gül JANMÄMMEDOWA,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň Ylym bö­lü­mi­niň başlygy, sun­ga­ty öw­re­niş ylym­la­ry­nyň kandidaty.
Beýleki habarlar