Mag­tym­gu­la ma­ýyl alym

21 Iýun 2024
105

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragyny öwreniş ylmynyň bat alan döwri hasaplamak bolar. Bu döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen beýik akyldaryň mirasy ählitaraplaýyn ylmy esasda öwrenilip, bu ugurda iş alyp baran alymlaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýär.

Magtymgulynyň eserlerini öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitiren alymlaryň hatarynda Gündogar edebiýatyny öwreniji Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsi hormat bilen ýatlamak bolar. Ý.E.Bertels dünýä ylmynyň taryhynda pars, täjik, türki halklarynyň edebiýatyny öwrenen görnükli alym hökmünde bellidir. Ol ýaşlygyndan ylymlar dünýäsine aralaşyp, öz döwrüniň meşhur alymlary W.W.Bartoldyň, A.Samoýlowiçiň edebi mekdebinde terbiýelenipdir. Bu alymlaryň Gündogaryň müň öwüşginli edebi äleminden berýän sapaklary Ý.E.Bertelsiň bu ugra gönükmegine hem-de türkmen milli nusgawy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmagyna ýol açypdyr.

Gülşat ORAZMYRADOWA,
«Dünýä edebiýaty»
Beýleki habarlar